Kazyýet güýjüniň başlygy: Ewin türmesindäki waka duşman agentleri tarapyndan edilen jenaýatdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19148-kazyýet_güýjüniň_başlygy_ewin_türmesindäki_waka_duşman_agentleri_tarapyndan_edilen_jenaýatdyr
Kazyýet güýjüniň başlygy Ewin türmesiniň bir böleginde bolup geçen waka barada durup geçip, Ewin türmesinde bolup geçen wakanyň birnäçe duşman agenti tarapyndan edilen jenaýatdygyny aýtdy.
(last modified 2022-10-17T08:19:40+00:00 )
Oct 17, 2022 13:19 Asia/Ashgabat
  • Kazyýet güýjüniň başlygy: Ewin türmesindäki waka duşman agentleri tarapyndan edilen jenaýatdyr

Kazyýet güýjüniň başlygy Ewin türmesiniň bir böleginde bolup geçen waka barada durup geçip, Ewin türmesinde bolup geçen wakanyň birnäçe duşman agenti tarapyndan edilen jenaýatdygyny aýtdy.

Şenbe güni gije Ewin türmesinde ogurluk we maliýe jenaýat üçin ýkäbir tussaglarynyň arasynda ýüze çykan çaknaşygyň we tikinçilik ussahanasynda bolup geçen ýangyndan soň Eýranyň polisiýasynyň we kömek güýçleriniň çalt we wagtynda gelmegi sebäpli tussaglaryň ep-esli bölegi halas edildi we ýangyn bolan ýerden howpsuz ýere geçirildi.

Şu gün (duşenbe) Kazyýet Ýokary Geňeşiniň mejlisinde Kazyýetiň başlygy Hojjat-ul-Islam wal-Muslimin "Gulam Hussein Mohseni Ežei": Ewin türmesiniň bir böleginde bolup geçen waka barada agzap, bu jenaýatyň dowamynda, birnäçe adamyň tussaglary iş bilen üpjün etmek we maşgalalaryna kömek bermek üçin döredilen ussahana ot bermäge synanyşandyklaryna şaýat bolduk; olar tussaglaryň zehinini ösdürmek we taýýarlamak maksady bilen döredilen mejlisler zalyna ot berdiler diýdi.

Kazyýetiň başlygy şeýlde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Eýran halkyna we Yslam Respublikasynyň ulgamyna garşy ýakynda eden dahylçylykly sözlerine salgylanyp: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň, onlarça ýyllap bütin dünýäde adamlara garşy jenaýatlar we esasanam Eýran halkyna garşy jenaýat ýazgylary bilen Eýrana garşy şeýle çykyş edýändigi gaty gülkünç we masharadyr diýdi.

Kazyýet başlygy türmeler guramasynyň we Kazyýetiň Gorag we maglumat merkeziniň işgärlerine howpsuzlyk güýçleriniň hyzmatdaşlygy bilen Ewin türmesinde jenaýatyň esasy günäkärlerini kesgitlemegi buýurdy.

"Mohseni Ežei" sözüniň dowamynda: Ewin türmesinde bolup geçen jenaýaty edenler sionist, amerikan we iňlisiň söweş gulluklary we bidüzgünçilik merkezleri we ofisleri üçin ýer açdylar we hemmeler bu jenaýatyň şol gijesinde Amerika, Angliýa we beýleki merkezleriň we Eýrana garşy ofisleriň seslerini eşitdiler we edil bidüzgünçilikler wagtynda söweş otagy ýaly hereket etdiler diýdi.