Raisi: Eýran halky Amerikanyň duşmançylykly hereketleriniň garşysynda ýeňilmez
(last modified Mon, 17 Oct 2022 16:16:39 GMT )
Oct 17, 2022 21:16 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran halky Amerikanyň duşmançylykly hereketleriniň garşysynda ýeňilmez

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Omanyň soltany bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Eýran halkynyň Amerikanyň duşmançylykly hereketleriniň garşysynda ýeňilmejekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti we Oman Soltany telefon arkaly söhbetdeşlikde dürli syýasy we ykdysady ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak isleýändiklerini aýtdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Saýed Ybraýym Raisi" şu gün (duşenbe) Omanyň soltany "Haýtam bin Tarik Al Saidiň" telefon jaňyna jogap edip, syýasy arenada iki ýurdyň arasynda iň ýokary ynam we hyzmatdaşlygyň şaýadydygyny aýtmak bilen Tähran bilen Maskatyň arasyndaky dürli ugurlarda ösýän gatnaşyklara baha berdi.

Şeýle hem, Raisi Amerikanyň bidüzgünçilikleri goldamak we güýçlendirmek baradaky ýalňyş hasaplamasyna yşarat edip Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň ýeňilendigini aýtmak bilen bu ýurdyň Eýranyň içeri işlerine gatyşyp Eýran Yslam Respublikasyna garşy gozgalaň turuzandygyny aýtdy.

Omanyň soltany "Haýtam bin Tarik Al Said" hem şu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini hut özi yzarlajakdygyny aýtmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ylalaşylyşy ýaly ösýär we iki halk hem ondan peýdalanýar diýdi.