Kazemi Qomi: Eýran Owganystandaky ýagdaýy gowulaşdyrmaga synanyşmagyny dowam etdirýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19162-kazemi_qomi_eýran_owganystandaky_ýagdaýy_gowulaşdyrmaga_synanyşmagyny_dowam_etdirýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Pakistanyň premýer-ministriniň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşany soň Eýranyň Owganystandaky şertleri gowulaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy.
(last modified 2022-10-19T05:02:13+00:00 )
Oct 19, 2022 10:02 Asia/Ashgabat
  • Kazemi Qomi: Eýran Owganystandaky ýagdaýy gowulaşdyrmaga synanyşmagyny dowam etdirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Pakistanyň premýer-ministriniň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşany soň Eýranyň Owganystandaky şertleri gowulaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili "Hasan Kazemi Qomi" öz twitter hasabynda Tahran-da geçirilen bu duşuşykda owgan halkynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin we milli we sebit ölçeglerinde durnuklaşdyryjy prosesi barada döredijilikli çekişmeleriň bolandygyny ýazdy.

Kazemi Qomi şeýle-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň dowam etmeginiň oňyn netijeleri getirjekdigine şübhe ýokdugyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili, Eýran durnuklylygy ýola goýmak, halkyň ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmak we Owganystandaky terrorçylyga garşy göreşmek üçin goňşulary we täsirli ýurtlar bilen edýän tagallalaryny we gatnaşyklaryny dowam etdirer diýdi.

Talyban 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýete gaýdyp geleli bäri, halkara jemgyýetçiliginiň bu topary resmi taýdan ykrar etmezligi we bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek islemezligi sebäpli Owganystan gaty kyn ykdysady şertlere sezewar boldy.

Owgan halkynyň ýaşaýyş şertleri agyr krizisdedir we Owganystana tüwi, arpa, bugdaý we mekgejöwen ýaly esasy harytlary import etmek üçin zerur maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi, netijede azyk ýetmezçiligi we ýokary baha bu ýurduň bazarlarynda, azyk howpsuzlygyna howp saldy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bu ýurtda millionlarça adamyň açlyk sebäpli ýüze çykan gumanitar krizis barada duýduryş berýändirler.