Seýid Soulat Mortazawi Eýranyň Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministri boldy
Oct 19, 2022 10:28 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis wekilleri, Seýid Soulat Mortazawä 13-nji hökümetiň Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministri hökmünde ynam sesini berdiler.
IRNA-nyň habaryna görä, Mejlisiň açyk ýygnagyna gatnaşan jemi 258 wekiliň arasyndan 176 ses oňýn, 64 ses garşy we 13 wekil ses bermekden saklanmak bilen Eýranyň parlamentiniň wekilleri Eýranyň Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministrliginiň ygtyýarlyklaryny Seýid Sulat Mortazawä tabşyrmak barada öz ylalaşygyny yglan etdiler; 5 ses hem nädogry diýlip yglan edildi.
61 ýaşly Mortazawi Hojatullah Abdul Maliki ýerine geldi.