Amir Abdullahian: ýadro ylalaşygynda sanksiýalaryň ýatyrylmagy açaçan beýan edilen däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19168-amir_abdullahian_ýadro_ylalaşygynda_sanksiýalaryň_ýatyrylmagy_açaçan_beýan_edilen_däldir
Eýranyň Daşary işler ministri sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň soňky ýagdaýy hakda eden çykyşynda ýadro ylalaşygynda kynçylyklaryň biri, borçnamalaryň açaçan kesgitlenmegi, ýöne sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň aýdyň beýan edimändigidir diýdi.
(last modified 2022-10-19T06:48:36+00:00 )
Oct 19, 2022 11:48 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: ýadro ylalaşygynda sanksiýalaryň ýatyrylmagy açaçan beýan edilen däldir

Eýranyň Daşary işler ministri sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň soňky ýagdaýy hakda eden çykyşynda ýadro ylalaşygynda kynçylyklaryň biri, borçnamalaryň açaçan kesgitlenmegi, ýöne sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň aýdyň beýan edimändigidir diýdi.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Yslam respublikasynyň gepleşiklerde maksadynyň gowy we durnukly ylalaşyk gazanmakdygyny aýtmak bilen Eýran ynamly kepillikleri almak bilen bu ylalaşyga dolanjakdygyny beýan etdi.

Amir Abdollahian şeýle-de Eýranyň zyýanly ylalaşygy kabul etmejekdigini aýtmak bilen Tahran diňe ýurduň bähbitlerini üpjün etýän ylalaşygyň yzyndadyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Amerikalylaryň Eýrandan ýadro gepleşikleriň çäginde general Soleýmanyň terror edilmeginde dahylly bolan Amerikalylaryň atlarynyň gara sanawdan aýyrmak haýyşylaryny asla kabul edip bolmajak esassyz haýyş bilmek bilen bu meseläniň Eýran Yslam Respublikasynyň gyzyl çyzygydygyny aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Eýranyň ot açyşlygy bes etmek we Ukraina bilen Russiýany gepleşik stoluna gaýtarmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýändigini, emma şol bir wagtda Günbatar söweş ýaraglaryny ibermegini dowam etdirýändigini aýtdy.