Raisi: Amerika gepleşikler barada karar bermelidir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähranyň gepleşiklerde logika we mantyklar bilen öz sözlerini beýan edendigini aýtmak bilen gepleşikler barada Amerikanyň karar bermelidigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raesi sişenbe güni Tähranda Aziýa we Ýuwaş umman habar gulluklary birleşiginiň (OANA) halkara metbugat agzalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Eýran döwleti, ýadro ylalaşygyna laýyklykda Yslam respublikasynyň hukugyny gözleýär emma Amerikalylar tarapyndan bozulýar diýdi.
Raisi Ýewropanyň hem öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini we diňe Eýranyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirendigini mälim etmek bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň ýadro işleriniň hiç hili gyşarnygynyň ýokdygyny 15 gezek resmi taýdan yglan edendigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň milletiň hukuklaryny berjaý etmegi ýüregine düwendigini we şol bir wagtyň özünde sanksiýalary aýyrmak we zyýansyzlandyrmagy gün tertibinde goýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Raisi, Amerikalylaryň näçinji gezek Eýrana garşy durmakda ýalňyşlyklar edendigini we Eýranyň öňküsinden has güýçlüdigini we sebitde örän täsirli bolandygyny aýtmak bilen şonuň üçin dünýäde ezilen halklara we azatlyk gözleýänlere goldaw bermegi dowam etdirmekçidir diýdi.
Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy birtaraplaýynlyk döwründen soň häzirki wagtda dünýäde täze bir bölümiň döreýändigini we Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň dünýäde täze dörän güýçleriň biridigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de, häzirki wagtda dünýäde agdyklyk edýän günbatarlylar we amerikalylar isleselerde ýa-da islemeselerde dargap barýandyrlar diýip sözlerine goşdy.