Mohseni Ažei: Terrorçylary goldaýan ýurtlar adam hukuklaryny bozmakda günäkärdirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19242-mohseni_ažei_terrorçylary_goldaýan_ýurtlar_adam_hukuklaryny_bozmakda_günäkärdirler
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy: Eýranyň içerki işlerine goşulýan we terrorçylary we jenaýatçylary goldaýan we Eýran halkynyň howpsuzlygyna howp salmak üçin olara ýarag, maliýe we bilim goldawyny berýän ýurtlar, adam hukuklaryny bozmakda günäkärdirler diýdi.
(last modified 2022-10-25T12:54:54+00:00 )
Oct 25, 2022 17:54 Asia/Ashgabat
  • Mohseni Ažei: Terrorçylary goldaýan ýurtlar adam hukuklaryny bozmakda günäkärdirler

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy: Eýranyň içerki işlerine goşulýan we terrorçylary we jenaýatçylary goldaýan we Eýran halkynyň howpsuzlygyna howp salmak üçin olara ýarag, maliýe we bilim goldawyny berýän ýurtlar, adam hukuklaryny bozmakda günäkärdirler diýdi.

kazyýet güýjüniň başlygy Hojjat-ul-Islam "Golam Huseýin Mohseni Ažei" Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň mejlisinde eden çykyşynda şu günler sionistleriň we amerikalylaryň ýolbaşçylygyndaky agalyk ediji ulgamyň we günbatar ýurtlarynyň galplyklary we ýalanlary ýaýratmak bilen meşgullanýandyklaryny mälim etmek bilen Sionistleriň we Amerikalylaryň ýolbaşçylygyndaky agalyk ediji we ulumsylar, adam hukuklaryna garşy ähli zady adam hukuklary talaplary görnüşinde edýärler diýdi.

Eýranyň adam hukuklary merkeziniň başlygy şeýle-de 40 ýyldan gowrak wagt bäri adam hukuklaryny ýalandan toslaýan ýurtlaryň dünýä ýurtlaryny esasanhem dini äheňli Yslam Eýrany

adam hukuklaryny bozmakda günäkärläp gelýändigini aýtdy.

Mohseni Ažei şeýle-de adam hukuklaryny ýalandan toslaýanlaryň tarapyndan Eýrana garşy adam hukuklary hüjümleri bir ýagdaýdadyr welin elleri müňlerçe eýranlyň arassa gany bilen boýalan terrorçylary we jenaýatçylary goldap durandyrlar we käwagt bu jenaýatçy terroristleriň manysyz sözleri we talaplary bilen, Eýrana garşy kararlaryny we hereketlerini dokumentleşdirýärler diýdi.

Eýranyň kazyýet bölüminiň başlygy şeýle-de Eýrany we Eýran halkyny duşmanlaryň propagandalaryndan goramak ugurda adam hukuklary merkezinde çäreleriň görülmegini nygtady.