Amerikanyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy strategiýasy
Tehranyň juma namazynyň wagtlaýyn emamy Hojjat-ul-Islam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari,juma namazyň hutbasynda Amerikanyň Yslam Eýrana garşy weýran ediji çemeleşmesi barada gürrüň berdi.
Tehranyň juma namazynyň wagtlaýyn emamy Hojjat-ul-Islam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari,juma namazyň hutbasynda Amerikanyň Yslam Eýrana garşy weýran ediji çemeleşmesi barada aýdyp, Amerikanyň Eýran hakdaky gysga möhletli we uzak möhletleýin strategiýasynyň Şahsyýetiň üýtgedilmegi we howplaryň döredilmegi bolýandygyny aýtdy.
Tehranda juma namazynyň wagtlaýyn wagyzçysynyň, Eýranda bolup geçen bidüzgünçilikleri we jemlenen tagallalary göz öňünde tutup, Eýranyň Yslam ulgamyny agdargatmak umumy maksady bilen Amerikanyň Eýrana garşy iki taraplaýyn strategiýasy barada salgylanyp,Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar, Eýranda bidüzgünçiligi döretmegiň we ýaşlary azdyryp bulam-bujurlyga çekjekmegiň uguryndadygyny nygtady. Tehranyň juma namazynyň wagtlaýyn emamy Hojjat-ul-Islam Muhammet Jawad Haj Ali Akbari ,günbatarlylar ýaşalray höweslendirmek we olara kömek bermegi wada berip , esasanam 80-nji ýyllaryň neslini bulam-bujarlyga çekjek bolýar diýdi. Eýran Yslam Respublikasynyň ulgamyny gowşatmak we dargatmak maksady bilen dört onýyllykdan gowrak wagt bäri Eýrana garşy dürli dildüwşükleri amala aşyrýan Amerika, bu maksada ýetmäge iki tarapdan ýagny medeniýet we sosial bölüminde synanyşýar diýip aýtdy.
Amerikanyň strategiýasynyň ilkinji ugry, nadanlyk döwüre çekip şahsyýetiň üýtgedilmegidir. Aslynda, Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň global ulumsylyk giň gerimli medeni, bilim we intellektual söweş başlady we Yslam Eýranyň ösüşi bilen,duşmanlaryň bu söweşi has çylşyrymlaşandyr. Yslam Rewolýusiýasynyň belent mertebeli ýolbaşçysy muny çozuş, ikiýüzlülik we käwagt medeni boýun egmezlik diýip düşündiripdiler, Ol hezretleri şeýle-de bu, elbetde, soňky ýyllarda ähli täze tehnologiýalary we wirtual giňişligi ulanmak bilen, ylmy we medeni taýdan aralaşyp, ulumsy metbugat mümkinçiliklerinden peýdalanmakdyr diýipdiler. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylygyň strategiýasy ýüzlerçe strategiýa bilen alnyp barylýar we iň täze gurallary ulanyp milliardlarça dollar sarp edilýär.
Tehranyň juma namazynyň wagtlaýyn wagyzçysy çykyşynyň dowamynda: Yslam rewolýusiýasy bilen häzirki ulumsylygyň dawasy ýaşlar we täze nesil hakda bolýar diýdi. Ynkylap lideriniň pikiriçe, olar imansyz, pikirsiz, gysga gözli, hyjuwsyz, umytsyz, we ýüzleý nesli halaýarlar, ine şu wagt global ulumsylyk bilen gapma-garşylygymyzyň esasy nokatlary şudur diýip beýan edendirler.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky ulumsylyk strategiýasynyň ikinji ugry, ilkinji günden bäri gün tertibinde bolan howplary döretmekdi. Bu iş, şeýle hem etnik, dini we syýasy azlyklary işjeňleşdirmek, halk arasynda boşluk döretmek we düşünişmezlikleri döretmekdyr, Yrak Bäs režiminiň hüjümi ýaly harby howplary döretmek şu ugurdadyr.Ykdysady howplary we ahlak taýdan howplary döretmek ýaly meseleler hem şu çarçuwadadyr. Mundan başga-da, milli jebisligi bozmak we islendik bahada tapawutlar we bölünişikler döretmek we milli we jemgyýetçilik howpsuzlygyň ýagdaýyny pes derejelere çykarmak duşmanlaryň yzygiderli gün tertibine öwrülendir.