Amir Abdollahian: Kiýew, gaty gidiji Ýewropaly syýasatçylardan täsir almasyň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19256-amir_abdollahian_kiýew_gaty_gidiji_Ýewropaly_syýasatçylardan_täsir_almasyň
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Ukrain kärdeşi Dimitri Kolba bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň Ukrainadaky söweşde ulanylmagy baradaky toslamalary ret edip, bu ýurda käbir ekstremist Ýewropa syýasatçylarynyň täsirinde galmazlygy maslahat berdi.
(last modified 2022-10-29T06:14:06+00:00 )
Oct 29, 2022 11:14 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Kiýew, gaty gidiji Ýewropaly syýasatçylardan täsir almasyň

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Ukrain kärdeşi Dimitri Kolba bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň Ukrainadaky söweşde ulanylmagy baradaky toslamalary ret edip, bu ýurda käbir ekstremist Ýewropa syýasatçylarynyň täsirinde galmazlygy maslahat berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar, Ukraina söweşinde dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen bir hatarda birnäçe aý bäri Eýrana garşy çykyş edýär we Tähran bolsa bu toslamalary düýbünden ret edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ukraina söweşiniň başyndan bäri 18 milliard dollar töweregi harby enjam iberen hem bolsa, Eýrany uzak wagtlap Ukraina söweşinde Russiýa pilotsyz uçar ibermekde aýyplaýar, bu bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň häkimiýetleri tarapyndan berk inkär edilýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu söhbetdeşlikde Ukraina krizisi we ikitaraplaýyn meseleler bilen baglanyşykly soňky wakalar barada pikir alyşyldy.

Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň Ukrainadaky söweşde ulanylmagy bilen baglanyşykly öňe sürlen toslamalar barada Amir Abdollahian bu aýyplamany düýbünden ret etýändigini we Eýran Yslam Respublikasynyň sekiz ýyllyk urşy başdan geçirip şonuň üçin Ukrainadaky, Ýemendäki we ş.m söweşlere garşydygyny aýtdy.

Amir Abdollahiýan şeýle-de Russiýa bilen gowy gatnaşyklarymyz bar we geçmişden bäri goranyş hyzmatdaşlygymyz bardy, emma Ukrainadaky söweş bilen baglanşykly syýasatymyz, ýurtlaryň territorial bitewiligine hormat goýmak , Garşy çykýan taraplara ýarag ibermezlik, Urşy togtatmak we adamlaryň awaralygyny bes etmekdir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Tähranyň, araçy bolmazdan, iki ýurduň arasynda harby hünärmenleriň gatnaşmagy bilen tehniki ýygnaklary geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň Daşary işler ministri Dimitri Kolba hem, Eýran Yslam Respublikasynyň Ukraina garşy söweşde ulanyljak ýarag ibermezlik baradaky pozisiýasyna ýokary baha berip, iki ýurduň harby tehniki wekiliýetiniň ara alyp maslahatlaşmagyna ýokary baha berdi.