Raisi: Eýran bilen Türkiýäniň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin köp ugurlary bar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýe Respublikasynyň Milli gününi bu ýurduň prezidentine gutlap Eýran bilen Türkiýäniň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin köp ugurlarynyň bardygyny aýtdy.
29-njy oktýabr 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň jarnamasyny ýatlaýar we Türkiýe Respublikasynyň Milli güni hökmünde bellendi.
Prezident Seýid Ybraýym Raisi, Türk Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen gutlag ýüzlenmesinde: Eýran Yslam Respublikasy we Türkiýe garaşsyz ýurt we Birtaraplaýynlyga garşy we köne goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýe bolan iki ýurt höküminde, giňişleýin gatnaşyklary giňeltmek üçin köp ugurlary bardyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Raisi sözüniň dowamynda iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny doly durmuşa geçirmek baradaky çynlakaý yradalary gatnaşyklary berkitmek we iki ýurduň umumy maksatlaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin aýdyň gözýetimi suratlandyrýar diýdi.