Galibaf: Şirazdaky jenaýat duşmanlaryň ýurdy bölmek üçin garaşýandyklaryny subut etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19262-galibaf_Şirazdaky_jenaýat_duşmanlaryň_ýurdy_bölmek_üçin_garaşýandyklaryny_subut_etdi
Eýranyň Yslam Geňeş mejlisiniň başlygy Şahçeraga edilen terrorçylykly hüjüm barada؛ bu jenaýat duşmanlaryň ýurdy bölmek üçin garaşýandyklaryny subut etdi diýdi.
(last modified 2022-10-30T03:48:38+00:00 )
Oct 30, 2022 08:48 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Şirazdaky jenaýat duşmanlaryň ýurdy bölmek üçin garaşýandyklaryny subut etdi

Eýranyň Yslam Geňeş mejlisiniň başlygy Şahçeraga edilen terrorçylykly hüjüm barada؛ bu jenaýat duşmanlaryň ýurdy bölmek üçin garaşýandyklaryny subut etdi diýdi.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni (4-nji aban) ýaragly terrorist Şiraz şäherindäki Şahçeragyň mukaddes ybadathanasyna girip zyýaratçylara ot açdy. Bu terrorçylykly hüjümde 13 adam şehit boldy, 30 adam ýaralandy.

Eýranyň Yslam Geňeş mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (ýekşenbe) mejlisiň açyk oturylyşygynyň başynda Şiraz şäherindäki Şahçerag zyýaratgäsindäki terrorçylykly jenaýat üçin şehitleriň maşgalalaryna we Eýran halkyna gynanç bildirdi.

IRNA-nyň habaryna görä, "Galibaf": Yslam rewolýusiýasynyň baş lideriniň aýdyşy ýaly, bu jenaýatlaryň gelip çykyşy bilen baglanyşykly aýgytly çäreler zerurdyr diýip nygtap geçdi.