Raisi: Howpsuzlyk, Eýranyň hökümetiniň we halkynyň gyzyl çyzygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19264-raisi_howpsuzlyk_eýranyň_hökümetiniň_we_halkynyň_gyzyl_çyzygy
Eýranyň prezidenti, ýurduň howpsuzlygyny we parahatçylygyny Şehit Ali werdi ýaly onlarça we ýüzlerçe şehitleriň ganynyň netijesi hasaplamak bilen Howpsuzlyk Eýranyň hökümetiniň we milletiniň gyzyl çyzygydyr diýdi.
(last modified 2022-10-31T06:22:05+00:00 )
Oct 31, 2022 11:22 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Howpsuzlyk, Eýranyň hökümetiniň we halkynyň gyzyl çyzygy

Eýranyň prezidenti, ýurduň howpsuzlygyny we parahatçylygyny Şehit Ali werdi ýaly onlarça we ýüzlerçe şehitleriň ganynyň netijesi hasaplamak bilen Howpsuzlyk Eýranyň hökümetiniň we milletiniň gyzyl çyzygydyr diýdi.

Howpsuzlygy goraýjy şehit Arman Ali Werdi soňky Tähranda bolan bidüzgünçiliklerde şehit boldy we jesedi ýekşenbe güni halkyň yhlasly dogalary bilen jaýlandy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Şehit Arman Ali werdiniň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Seýid Ybraýym Raisi, şehit Arman Ali werdiniň maşgalasyna gynanç bildirip, şol asylly şehitiň edermenligini we düşünjesini wasp etmek bilen bu gaýratly ýigidiň şehit bolmagy ýurduň howpsuzlygy we parahatçylygy üçin janyndan geçmegiň nyşanydyr we halk şeýle göreşe ýokary baha berýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, Şehit Ali werdiniň we onuň ýaly beýlekileriň howpsuzlyk goranyş sahnasynda yhlasly gatnaşmagyny öwrediji we ylhamberiji bilmek bilen howpsuzlygy goraýan bu abraýly şehitiň we beýleki şehitleriň gany, ýurduň erbetligini isleýänleriň tebigatyny açyp görkezmek bilen, Adamlaryň düşünjesiniň ösmegine sebäp bolýar diýdi.