Amir Abdollahian bilen Borelliň telefon arkaly Sanksiýalary ýatyrmak barada gürleşdiler
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian we Yewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat işgäri Josep Borrell sanksiýalary ýatyrmak, Yewropa Bileleşigi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar we Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.
IRNA-nyn habaryna gora Bu telefon jaňynda, Eýranyň Yewropa Bileleşiginiň üsti bilen ABŞ-a iberen habaryna salgylanyp, Amir Abdullahian: Eýran Yslam Respublikasy gowy, güýçli we durnukly ylalaşyga gelmäge taýýardygyny aýtdy.
Amir Abdollahian Eýranda bolup geçýän wakalar barada-da şeýle diýdi: käbir Yewropa resmileriniň aşa pozisiýasy Yewropanyň içinde zorlugy we terrorçylygy öňe sürdi we bu adam hukuklarynyň hatyrasyna Yewropanyň käbir ekstremist liderleri tarapyndan howp abanýandygyny aňladýar diydi.
Amir Abdollahian Ukrainaly kärdeşi bilen ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşligine ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasynyň Ukrainadaky söweş we urşuň bes edilmeginiň we ýaraşygyň berkarar edilmeginiň zerurlygy baradaky ýörelgelerini ýene bir gezek gaýtalady.
Yewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri öz metbugat sekretarynyň sözlerine salgylanyp, Şiraz şäherinde bolup geçen terrorçylykly hüjümleri ýene bir gezek ýazgardy we bu terrorçylykly hüjümde pida bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.
Borrell Yewropa häkimiýetleriniň käbir pozisiýalaryna salgylanyp,bular köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlary sebäpli ýüze çykýanYewropa jemgyýetleriniň jemgyýetçilik pikiriniň beýanydyr diýdi.
Yewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat işgäri Josep Borrell Yadro gepleşikleri barada, Eýranyň Amerikan tarapyna iberen habaryna salgylanyp, "Soňky ylalaşyga gelýänçäk we netijä umytly garaýançak, konstruktiw tagallalarymyzy dowam etdireris" -diýdi.