Kanani: Eýran Ukrainadaky söweş barada bitarapdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19316-kanani_eýran_ukrainadaky_söweş_barada_bitarapdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň aýdanlaryna jogap edip, Eýran Yslam Respublikasynyň Ukrainadaky söweşe işjeň bitarapdygyny aýtmak bilen esassyz aýyplamalar Ukraina krizisini çözmäge kömek edip bilmez diýdi.
(last modified 2022-11-04T06:15:39+00:00 )
Nov 04, 2022 11:15 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Eýran Ukrainadaky söweş barada bitarapdyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň aýdanlaryna jogap edip, Eýran Yslam Respublikasynyň Ukrainadaky söweşe işjeň bitarapdygyny aýtmak bilen esassyz aýyplamalar Ukraina krizisini çözmäge kömek edip bilmez diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani penşenbe güni agşam ukrain tarapyna realist bolmagy maslahat bermek bilen bu ýurduň häkimiýetleri, Eýran Yslam Respublikasyna garşy ýalan töhmet atmagyň ýerine, talaplarynyň resminamalaryny bermek üçin Tähranyň ikitaraplaýyn tehniki we bilermenler ýygnagyny geçirmek baradaky konstruktiw tekliplerine jogap bermek has gowudyr diýdi.

Kanani, Eýran Yslam Respublikasynyň bu Ukrainadaky krizisiň başyndan bäri ýurtdaky krizisiň parahatçylykly çözgüdini tapmak ugrundaky diplomatik tagallalaryna salgylanyp, Ukrainadaky söweşde ulanyljak ýaraglaryň we enjamlaryň iberilmegini ýene bir gezek inkär etdi we Tähranyň urşyň bes edilmegine kömek etmäge taýýardygyny ýene bir gezek nygtady.

Ukrain söweşinde ulanmak üçin Eýrandan pilotsyz uçarlaryň we ýaraglaryň Russiýa iberilmegi baradaky aýyplamalary ençeme gezek inkär edendigine garamazdan, Ukrainanyň Daşary işler ministri bu aýyplamany gaýtalady we Eýrana "rehimsiz" jogap bilen haýbat atdy.