Raisi: Eýranyň sebitdäki oňyn pikiri bolmazdan hiç bir deňleme gazanyp bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19320-raisi_eýranyň_sebitdäki_oňyn_pikiri_bolmazdan_hiç_bir_deňleme_gazanyp_bolmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, beýik Eýran halkynyň şöhratly ynkylaby bilen zuluma we kolonializme garşy göreşi gün tertibine getirendigini aýtmak bilen Eýranyň sebitdäki oňyn ylalaşygy bolmazdan hiç bir deňlemäni gazanyp bolmaz diýdi.
(last modified 2022-11-04T08:28:19+00:00 )
Nov 04, 2022 13:28 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň sebitdäki oňyn pikiri bolmazdan hiç bir deňleme gazanyp bolmaz

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, beýik Eýran halkynyň şöhratly ynkylaby bilen zuluma we kolonializme garşy göreşi gün tertibine getirendigini aýtmak bilen Eýranyň sebitdäki oňyn ylalaşygy bolmazdan hiç bir deňlemäni gazanyp bolmaz diýdi.

Şu gün (anna), Abanyň 13-nji güni (2022-nji ýylyň 4-nji noýabry) Eýran Yslam Respublikasynda "Global ulumsylyga garşy göreş" milli günidir.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Tähranda Milli ulumsylyga garşy göreş gününde geçirilen köpçülikleýin ýygnanyşykda beren gürrüňlerinde häzirki wagtda Amerikanyň eziji düzgüniň görnüşidigini aýtmak bilen Amerika Eýranyň sebitde täsirli ýurtdigini we onuň sebitdäki oňyn ylalaşygy bolmazdan hiç bir deňlemäni gazanyp bolmajakdygyny bilýändir diýdi.

Raisi, Yslam Eýranyň sebiti ABŞ-nyň elinden goramak üçin sebitde hereket edndigini we general Haj Gasem Soleýmanyň dünýäde terrorçylyga garşy göreşiň nyşanyna öwrülendigini ýatlamak bilen Amerika we ýaranlaryna garap azatlyk we erkinlik we terrorçylyga garşy göreşmek bahanasy bilen Owganystanyň, Siriýanyň, Yragyň, sebitiň we dünýäniň halklaryny nähili gul edendigiňizi görýäris emma biliň, Liwiýa we Siriýa ýaly käbir ýurtlar üçin eden wersiýaňyzy Eýranda durmuşa geçirip bolmaz diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti uruşlarda we gan döküşiklerde Amerikanyň öňdebaryjy rol oýnaýandygyna we öz bähbitlerini goramak üçin halklaryň bähbitlerine zyýan ýetirýändigine ünsi çekip, Jo Baýdeniň bidüzgünçilikleri goldaýandygy baradaky sözlerine reaksiýa bildirdi.

Raisi şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, Eýrany azat etmek maksadynyň bardygyny aýtdy, emma Eýran 43 ýyl ozal azat edildi we indi siziň ýesirligiňize girmez we biz hiç wagt süýtli sygyr bolmarys diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň güýji diňe bir raketalarda we harby güýçlerde däl, biziň güýjümiz Yslam ýurdyň Aban aýnyň 13-nji gününde millionlarça adamynyň gatnaşmagyndadyr diýip beýan etdi.