Galibaf: Duşman protestleri bidüzgünçiliklere we jenaýatlara öwürmek we täze DAEŞi döretmegiň yzyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19336-galibaf_duşman_protestleri_bidüzgünçiliklere_we_jenaýatlara_öwürmek_we_täze_daeŞi_döretmegiň_yzyndadyr
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen soňky wakalar, bidüzgünçilikleriň esasy guramaçylarynyň protestleri bidüzgünçiliklere we jenaýatlara öwürmek bilen täze DAEŞI döretmegi gün tertibine girizendigini ýene bir gezek görkezdi diýdi.
(last modified 2022-11-06T04:29:54+00:00 )
Nov 06, 2022 09:29 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Duşman protestleri bidüzgünçiliklere we jenaýatlara öwürmek we täze DAEŞi döretmegiň yzyndadyr

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen soňky wakalar, bidüzgünçilikleriň esasy guramaçylarynyň protestleri bidüzgünçiliklere we jenaýatlara öwürmek bilen täze DAEŞI döretmegi gün tertibine girizendigini ýene bir gezek görkezdi diýdi.

"Mehsa Aminiň" ölümi bahanasy bilen Eýranda soňky bidüzgünçilikleriň peýda bolmagy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary ýurtly duşmanlarynyň muny Eýranyň içerki işlerine goşulmak we mümkin boldugyça tolgunyşyklara sebäp bolmak üçin ulanmagyna sebäp boldy.

Soňky bidüzgünçiliklerde Amerikanyň we käbir Ýewropanyň syýasy ýolbaşçylary, olaryň metbugaty, şeýle hem Günbatar tarapyndan goldanýan Pars metbugaty bir pajygaly wakadan  hyýanatçylykly peýdalandylar we Eýran halkynyň hukuklaryny goldamak şygary bilen milletiň howpsuzlygyny bozýan gozgalaňçylary we bidüzgünçilikleri goldadylar, şol bir wagtyň özünde, millionlarça eýranly ýurduň köçelerinde we meýdançalarynda düzgüni we ýurdy goldamak üçin peýda boldy we bulam-bujarlyga berk garşy çykdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, ýekşenbe güni parlamentiň açyk mejlisiniň başynda, Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen bidüzgünçiliklerden soň birnäçe howpsuzlyk güýçleriniň şehit bolmagyna yşarat edip täze DAEŞiler, Siriýanyň we Yragyň DAEŞIleri ýaly bigünä adamlary hiç hili sebäpsiz gynaýarlar we öldürýärler we olar ýaly, jenaýat filmini buýsanç bilen çykarýarlar diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda Eýranyň duşmanlary, general Şehit Gasem Soleýmanyň ýolbaşçylygyndaky häräm goragçylarynyň serhet goragçylary bilen serhetlerden Eýrana aralaşyp bilmedi, ýöne häzirki wagtda olar Eýranyň içinden DAEŞi köpeltdiler diýdi.

Eýran kanun çykaryjy guramasynyň başlygy şeýle-de howpsuzlyk güýçleriniň diňe bidüzgünçiliklere garşy göreşmek üçin ýörite ýaraglar bilen üpjün edilendigini, we aralykda adamlar ýaralanmazlygy üçin ýarag ulanmaýandygyny aýtmak bilen gysga wagtda ýurtda howpsuzlyk doly ýola goýulmagyny umyt etdi.