Deputatlar bidüzgünçiliklere sebäp bolanlar bilen aýgytly çemeleşilmegini kazyýetden islemegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19342-deputatlar_bidüzgünçiliklere_sebäp_bolanlar_bilen_aýgytly_çemeleşilmegini_kazyýetden_islemegi
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň 227 wekili öz beýanynda kazyýet güýjinden gozgalaňlaryny öjükdirijiler bilen aýgytly çemeleşmegini isledi.
(last modified 2022-11-06T11:16:10+00:00 )
Nov 06, 2022 16:16 Asia/Ashgabat
  • Deputatlar bidüzgünçiliklere sebäp bolanlar bilen aýgytly çemeleşilmegini kazyýetden islemegi

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň 227 wekili öz beýanynda kazyýet güýjinden gozgalaňlaryny öjükdirijiler bilen aýgytly çemeleşmegini isledi.

Amerika  we Ak tamy goldaýan Ýewropa hökümetleri we Eýran Yslam Respublikasyna hüjüm etmekden çekinmeýän pars dilli metbugat, Eýrandaky bidüzgünçiliklerde, bir eýranly kürt gyzynyň ölümi bahanasy bilen Eýran Yslam Respublikasyna garşy hüjüm guradylar.

Bu beýannamada dürli döwlet agdarlyşyklar, Eýran halkyna garşy 8 ýyllyk uruş gurmak we dünýäniň 40-a golaý ýurdunyň maliýe we ýarag goldawy bilen Saddamy goldamak, dürli pitne döretmek, Eýran halkyny ýok etmek üçin uly býudjetleriň haslanmagy. Dünýädäki iň agyr sanksiýalary, hatda lukmançylyk we derman önümleri we lukmançylyk enjamlary babatynda sanksiýalary girizmek aýdylýar bular ABŞ, basyp alyjy Ysraýyl we käbir Günbatar ýurtlarynyň ýolbaşçylygyndaky duşmanlaryň alyp barýan giňişleýin tagallalarynyň bir bölegidir.

Bu beýannamada şeýle-de ýöne eziz eýran halkynyň tutanýerliligi sebäpli Amerika we Eýranyň beýleki duşmanlary yzygiderli ýeňlişe sezewar boldular diýlip getirilendir.

Bu beýannamanyň tekstinde: Amerika we beýleki duşmanlar bu bidüzgünçiliklerde meýdana aç-açan girdiler we gozgalançylary öjükdirmek we ýaraga beslemek bilen bidüzgünçiliklere ýolbaşçylyk etmek jogapkärçiligini aldylar diýlip yglan edilýär.