Eýranyň prezidentiniň Baýdeniň esassyz we puç toslamalaryna beren jogaby
(last modified Tue, 08 Nov 2022 07:30:11 GMT )
Nov 08, 2022 12:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidentiniň Baýdeniň esassyz we puç toslamalaryna beren jogaby

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, 13-nji noýabrda, Global tekepbirlige garşy milli gününde geçirilen dabarada Amerikanyň uruşlarda we gan döküşiklerde ilkinji rol oýnaýandygyny aýtdy.

 

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, 13-nji noýabrda, Global tekepbirlige garşy milli gününde geçirilen dabarada Amerikanyň uruşlarda we gan döküşiklerde ilkinji rol oýnaýandygyny we beýleki halklaryň bähbitlerini ýok edýändigini aýdyp Jo Baýdeniň bidüzgünçilikleri goldaýandygyna reaksiýa bildirdi.

Raisi: "Birnäçe sagat ozal Amerikanyň prezidentiniň gödek sözleri aýdandygyny, bildim diýdi. Raisi,Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, Eýrany azat etmek isleýäris diýip toslady, emma Eýran 43 ýyl ozal azat edildi we size ýesir bolmarys we Biz hiç haçan hem süýtli sygyr bolmars "-diýdi.

Eýranyň prezidentiniň aýgytly jogaby ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň soňky çykyşlaryna jogap boldy. ABŞ-nyň günbataryndaky Kaliforniýa ştatynda Demokratik partiýanyň wekili üçin maliýe kömegini çekmekde geçirilen giňişleýin kampaniýanyň çäginde Baýden: "Alada etmäň, Eýrany azat ederis" Olar (demonstrantlar) ýakyn wagtda özlerini boşadarlar diýdi.

Baýdeniň, Eýranyň içerki işlerine aç-açan gatyşmagy halkara kanunlaryna garşy çäre görmekdir,bu bolsa, Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň strategiki aragatnaşyk koordinatory Jon Kerbiniň Baýdeniň bu sözlerinden ýüz öwürmegine sebäp boldy. Kerbi düşündiriş berdi: Özgeriş girizmek Eýran halkynyň borjydyr, Geljegi barada Eýranyň halky karar bermeli diýdi.

 

Aslynda, şu wagta çenli garşydaş ýurtlary we Günbataryň agalygyna garşy çykýanlary, Russiýa we Eýrany öz içerki işlerine, şol sanda bu ýurduň saýlawlaryna goşulmakda aýyplaýan ABŞ indi aç-açan we bu meseläni gizlemezden,Eýranyň işlerine goşulýar. Bu kontekstde gozgaljak başga bir mesele, Yslam rewolýusiýasyndan ozal Eýranda doly täsir eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran halkynyň azatlygy üçin bir zat edendigi ýa-da etmändigidir. ABŞ Şahyň awtokratik dolandyryşy üçin zerur esas döretdi . Mundan başga-da, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşine çenli Pahlawi režimine garşy söweşijileri tussag etmekde, gynamakda we öldürmekde esasy rol oýnan SAVAK-yň döremegine sebäp boldy. Beýleki tarapdan, Amerikanyň nebit kompaniýalary hem Yslam rewolýusiýasyndan öňki ýyllarda, Eýranyň nebitiniň talanmagynda täsirli rol oýnady.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň Amerika hemişe Eýran Yslam Respublikasyna garşy duşmançylyk çemeleşmäni alyp bardy we soňky dört onýyllykda Eýrana garşy embargo syýasatyny ýola goýdy.

 

Tags