Amir Abdollahian: Ýewropada ýaşaýan eýranlylar Eýranyň daşary ýurtlardaky möhüm baýlygydyr
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň Ýewropadaky ilçileri we konsullary bilen onlaýn söhbetdeşlikde Ýewropada ýaşaýan eýranlylary daşary ýurtlardaky Yslam respublikasynyň möhüm baýlygy diýip atlandyrdy we olara edilýän hyzmatlaryň gowulandyrlmagynyň zerurdygyny nygtady.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Huseýin Amir Abdollahian duşenbe güni agşam bu söhbetdeşlikde şeýle-de häzirki halkara kynçylyklaryň ýagdaýynda Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň daşary ýurtlarda “deňagramly daşary syýasat, dinamiki diplomatiýa we paýhasly özara gatnaşyk” ady bilen 13-nji döwletiň daşary syýasat strategiýasyny öňe sürmek we durmuşa geçirmek ugrundaky güýçli tagallalarynyň ähmiýetini nygtady.
Amir Abdollahian şeýle-de bu kynçylyklara garşy durmak we Eýran Yslam Respublikasynyň bähbitlerini öňe sürmek üçin eýran wekilleriniň işjeň, güýçli we täsirli işjeňligini talap edýändigini ýatlatdy.
Bu onlaýn ýygnakda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçileri we konsullary Eýranyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda bolup geçen soňky wakalar barada öz pikirlerini Amir Abdollahiana aýtdylar.