Eýran, Türkiýäniň Stambulundaky terrorçylykly partlamasyny ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani duşenbe güni irden Türkiýäniň Stambul şäherinde bolup geçen terrorçylykly partlama hadysasyna jogap hökmünde bu çäräni berk ýazgardy.
IRNA-nyň habaryna görä, Naser Kanani Tähran Türkiýäniň we türk milletiniň howpsuzlygyny nyşana alýan islendik terrorçylyk hereketini ýazgarýar diýdi.
Kanani, bu ajy hadysada ölenler üçin Taňrynyň rehim-şepagatyny we bagyşlanmagyny we ýaralananlaryň tiz sagalmagyny islemek bilen türk hökümetine we milletine, esasanam pida bolanlaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirdi.
Eýranyň Daşary işler ministrligi şeýle-de Stambulyň Taksim meýdanynda bolan partlamada ölenleriň arasynda hiç bir eýran raýatynyň ýokdugyny habar berdi.
Ýekşenbe güni agşam terrorçylykly hereket (Stambulyň Taksim meýdanyna seredýän Esteglal köçesinde bolan partlama) netijesinde 6 adam ölüp, 81 adam ýaralandy.
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuad Oktaý ýekşenbe güni agşam eden çykyşynda janyndan geçen bir aýalyň Stambul partlamasynyň jogapkäridigini aýtdy.
Bu waka jogap hökmünde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan terrorçylara boýun egmejekdigini aýtdy.