Kanani: ýewropa Bileleşigi we Angliýa tarapyndan Eýrana garşy girizilen sanksiýalar bikanun
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani ýewropa Bileleşiginiň we Iňlisleriň Eýranyň şahsyýetlerine we edaralaryna garşy girizen sanksiýalaryna jogap edip, bu esassyz we bikanun hereketini berk ýazgardy we ony düýbünden ret etdi.
IRNA-nyň sişenbe güni irden beren habaryna görä, Naser Kanani sözüniň dowamynda "Görnüşinden, sanksiýalara garaşlylyk Yewropa partiýalaryndan rasionalizmi we çynlakaýlygy üzňeleşdirdi we bu nädogry çemeleşme bilen Yewropa özara gatnaşyklaryny çäklendirýär" diydi.
Yewropa ýurtlarynyň 27-siniň daşary işler ministrleri duşenbe güni Brýusselde geçirilen ýygnakda 29 Eýran şahsyýetini we 3 Eýran guramasyny nyşana alýan täze sanksiýalar bukjasyny tassykladylar.