Eslami: Dolandyryjylar geňeşiniň karary kabul ederlikli däldir
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş we aýyplama syýasatyny ulumsylygyň we sionist režimiň endik eden syýasatydyr diýmek bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň Eýrana garşy täze karary kabul ederlikli däldir diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami çarşenbe güni hökümet delegasiýasynyň ýygnagynyň çäginde žurnalistleriň arasynda, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň mejlisine we bu geňeşde Eýrana garşy karar taslamasynyň çykarylmagyna jogap hökmünde sanksiýalara endik eden we bu täsirsiz syýasata endik eden ulumsylar we sionistler tarapyndan Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş we aýyplamalary ýaýratmak olaryň tebigatydyr diýdi.
Eslami şeýle-de rezolýusiýa taýýarladylar we özleriniň dogry däldigini bilýän we Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan ret edilýän materiallary getirdiler diýdi.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy sözüniň ýene bir bölüminde Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy bilen baglanyşykly ýene bir zat olda ähli aýyplamalara we toslamalara jogap bermekdi we bu mesele hem amala aşyryldy diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti sözüniň ahyrynda Yslam respublikasynyň gowy niýetleriniň we esasly jogaplarnyň täsirli bolmagy garaşylýardy diýdi.