Eýranyň goranmak ministri Azerbaýjan Respublikasyna sapar etdi
Eýranyň goranmak ministri bir topara ýolbaşçylyk edip Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherine bardy. zerbaýjan Respublikasynyň goranmak we harby resmileri Eýranyň goranmak ministrini we hemra toparyny garşyladylar.
Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir hatami we onuň hemra topary Azerbaýjan Respublikasyna gurnan iki günlik saparynyň dowamynda bu ýurduň goranmak ministri Zaker Hoseýnow hemde Azerbaýjan Respublikasynyň başga ýokary derejeli syýasy we goranmak resmileri bilen duşuşyp gürrüň etjekdir.
Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir hatami Azerbaýjan Respublikasynyň
goranmak ministriniň resmi çakylygy esasynda Baku şäherine sapar edendir.