Izeh-de terror wakasynda şehit bolanlaryň jaýlanyş çäresi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19464-izeh_de_terror_wakasynda_şehit_bolanlaryň_jaýlanyş_çäresi
Izeh-de terror wakasynda şehit bolanlary jaýlamak dabarasy halkyň dürli gatlagynyň gatnaşmagy bilen geçirildi.
(last modified 2022-11-18T05:20:16+00:00 )
Nov 18, 2022 10:20 Asia/Ashgabat
  • Izeh-de terror wakasynda şehit bolanlaryň jaýlanyş çäresi

Izeh-de terror wakasynda şehit bolanlary jaýlamak dabarasy halkyň dürli gatlagynyň gatnaşmagy bilen geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Izeh-de terror wakasynda şehit bolanlary jaýlamak dabarasy şu gün, anna güni, Huzestan welaýatynyň Izeh şäherinde dürli adamlaryň we wezipeli resmileriň gatnaşmagynda geçirildi.

Çarşenbe güni agşam, motosiklli 2 adam Huzestan welaýatynyň (Eýranyň günortasy) Izeh şäheriniň ilatyna ýarag bilen ok atdylar netijede 7 adam şehit boldy, 10 adam ýaralandy.

Huzestanyň gubernatory Sadeg Halilian anna güni Izeh terrorçylyk hadysasynda şehit bolanlaryň jaýlanyş dabarasynda Izeh şäherinde bolup geçen terrorçylyk hadysasynyň birnäçe elementiniň we günäkärleriniň tussag edilmegine yşarat edip, bu kör terrorçylykly wakanyň aňyrsynda we terrorçy agentleri guran torlary kesgitleýäris diýdi.

Halilian şeýle-de bu pajygaly terrorçylykly wakanyň aç-açan we gizlin wekilleriniň aýgytly çärä garaşmalydyklaryny aýtmak bilen soňky wakalaryň aňyrsynda daşary ýurtly elementleriň roly bar we ýakyn wagtda kesgitlener we halka tanadylar diýip sözlerine goşdy.