Tähran Juma ymamy: Gozgalaňçylar Yslam düzgüniniň abraýyny nyşana alandyrlar
Tähranda geçirilen juma namazynyň ymamy polisiýa güýçlerini, goşuny, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyny we Basiji Eýran Yslam Respublikasynyň abraýynyň nyşany hökmünde bilmek bilen yslam ulgamynyň abraýyna zyýan ýetirmek gozgalaňçylaryň maksatlaryndan biridir diýdi.
Tähranda juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen bidüzgünçiliklere salgylanyp gozgalaňçylaryň esasy maksatlaryndan biri yslam düzgüni ýykmakdyr we muny özleri hem boýun alýarlar diýdi.
Aýatolla Hatami, gozgalaňçylaryň bazary ýapmak üçin dükançylara haýbat atandyklaryna yşarat edip dükançylar we telekeçiler gozgalaňçylaryň howplaryna üns bermezler we dükanlaryny ýapanlar hem gozgalaňçylaryň emlägine zeper ýetirmeginden gorkmaklary üçindir diýdi.
Tähranda juma namazynyň ymamy şeýle-de häzirki wagtda ähli imanly adamlaryň ähli kapyrlar bilen söweşýändigini we Amerika, Sionist režim, Fransiýa, Angliýa we ýigrenji mynapyklar toparjygynyň we padyşalygy isleýänleriň ählisiniň yslam dini bilen duşmandyklaryny we ahun-olamalara bihormatçylyk edip Guran Kerimi we metjitleri otlaýandyklaryny aýtdy.
Aýatolla Hatami, Yslam ulgamynyň abraýyna zeper ýetmegi gozgalaňçylaryň ýene bir maksady diýip atlandyrmak bilen Ygtyýarlygy bolmadyk hökümet howpsuzlygy ýola goýup bilmez diýdi.
Tähranda juma namazynyň hatyby şeýle hem kazyýet güýjine gozgalaňçylaryň ýolbaşçylaryny jogapkärçilige çekmegi ugurda tiz sahna girmegi üçin ýokary baha berdi we ähli gozgalaňçylaryň jezalandyrylmagyny talap etdi.
Soňky hepdelerde duşmanlar şol sanda Amerika we Sionist režimi Eýranyň käbir şäherlerinde protestleri, tolgunyşyklary we zorlugy güýçlendirmek üçin ähli syýasy we metbugat güýjüni ulandylar.