serdar Aştäri:gozgalaňçylara garşy gaty duruljakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň tertip düzgün goraýjy güýjüniň serkerdesi soňky günlerde Tehranyň Pasdaran köçesinde bozgaklyk eden we düzgünçi güýçlere hüjüm edip olaryň üçüsiniň şeheit bolmagyna sebäp bolan gozgalaňçylara garşy berk duruljakdygyny yglan etdi.
19-nji Fewral bilen deň gelýän geçen duşenbe gijesi Eýranyň howpsyzlyk we tertip düzgün goraýjy güýçleriniň Tehranyň Pasdaran köçesinde howpsyzlygy we parahatçylygy berkarar etmek ugurda amala aşyran operasiýalarynda 3 düzgünçi güýji we 2 besiji şehit boldylar.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýjüniň serkerdesi serdar Muhammet Aştari Tehranda şehit bolan düzgünçi güýçleriniň uzadyş çäresinde beren gürrüňlerinde kazyýet güýji bilen amala aşyrlan sazlaşyklar bilen bu dosýe tizlik bilen ýetişiklik edilip döwlet güýçlerini şehit edenlere garşy berk çäreleriň görüljekdigini aýtdy.
Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýçiniň serkerdesi şeýle-de ilatyň howpsyzlygyna wehim abandyrýan adamlaryň garşysynda berk duruljakdygyny aýtdy.