Raisi Tähran bilen Astanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyny umyt etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19490-raisi_tähran_bilen_astanyň_arasyndaky_gatnaşyklaryň_pugtalanmagyny_umyt_etdi
Eýranyň prezidenti Gazagystanly kärdeşi bilen söhbetdeşlikde Tähran-Astana gatnaşyklary hemişe ösýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylar diýip umyt edýärin diýdi.
(last modified 2022-11-22T05:54:17+00:00 )
Nov 22, 2022 10:54 Asia/Ashgabat
  • Raisi Tähran bilen Astanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyny umyt etdi

Eýranyň prezidenti Gazagystanly kärdeşi bilen söhbetdeşlikde Tähran-Astana gatnaşyklary hemişe ösýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylar diýip umyt edýärin diýdi.

IRIB-yň habaryna görä, Seýid Ybraýym Raisi duşenbe güni agşam Gazagystanyň prezidenti "Gasem Jomart Tokaýew" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde geçirilen prezident saýlawlarynda gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we Tähran bilen Astananyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe öňe gidýär we Alyhezretiňiziň prezidentliginiň täze möhletinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar hasam pugtalandyrylar diýip umyt edýärin diýdi.

Raisi iki ýurduň prezidentleriniň arasynda geçirilen köp sanly ýygnakda gazanylan gowy ylalaşyklara salgylanyp, Tähran-Astana Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 18-nji ýygnagy ýakyn wagtda geçiriler, bu ikitaraplaýyn şertnamalary durmuşa geçirmek we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini, esasanam ykdysady ugurda gowulaşdyrmak ugrunda peýdaly we täsirli netijelere eýe bolup biler diýdi.

Gazagystanyň prezidenti "Gasem Jomart Tokaýew" hem şu telefon söhbetdeşliginde Raisiniň Gazagystan barada gowy pikiri üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Eýran Gazagystanyň ýakyn goňşusy we dostudyr we iki ýurduň ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin köp mümkinçilikleri we ugurlary bar diýip beýan etdi.

Gazagystanyň prezidenti şeýle-de öz hökümetiniň işgärlerine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, esasanam ykdysady ugurda berkitmek we çuňlaşdyrmak üçin mümkin boldugyça hyzmatdaşlygy buýrandygyny aýtdy.