Eýranyň Kazyýetiniň metbugat sekretary: goragsyz adamlary atmak duşmanlaryň erbet meýilnamasynyň alamaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19492-eýranyň_kazyýetiniň_metbugat_sekretary_goragsyz_adamlary_atmak_duşmanlaryň_erbet_meýilnamasynyň_alamaty
Eýranyň Kazyýetiniň metbugat sekretary goragsyz adamlary we howpsuzlyk işgärlerini atmak we köçelerde pyçak, gama we ýarag bilen ýaşlary öldürmek Eýran halkynyň bilimi bilen yzyna gaýtaryljak duşmanlaryň erbet meýilnamasynyň alamatydyr diýdi.
(last modified 2022-11-22T06:32:38+00:00 )
Nov 22, 2022 11:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Kazyýetiniň metbugat sekretary: goragsyz adamlary atmak duşmanlaryň erbet meýilnamasynyň alamaty

Eýranyň Kazyýetiniň metbugat sekretary goragsyz adamlary we howpsuzlyk işgärlerini atmak we köçelerde pyçak, gama we ýarag bilen ýaşlary öldürmek Eýran halkynyň bilimi bilen yzyna gaýtaryljak duşmanlaryň erbet meýilnamasynyň alamatydyr diýdi.

Eran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň kazyýetiniň metbugat sekretary Masud Setaýşi sişenbe güni žurnalistler bilen geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda soňky günlerde Eýranyň käbir şäherleriniň meýdançalarynda we köçelerinde bolup geçen sahnalar, duşmanyň meýilnamalarynyň çuňlugyny we Eýranyň geljegi baradaky bulam-bujarlykly arzuwlaryny gowy görkezendir diýdi.

Setaýşi şeýle-de häzirki wagtda duşmanyň ýüzüni aç-açan açýandygy we wirtual torlarda adam öldürmek, terror etmek we ot açmak barada buýruk berýändigi, Yslam Eýranyň halkynyň olar bilen ýoldaşlyk etmeýändiklerine gaty gaharlydygyny görkezýär diýdi.

Eýranyň kazyýet ulgamynyň metbugat sekretary: Howpsuzlygy bozýan terroristler Yslam ymmatynyň sagdyn işjeňliginiň öňüni alýan şol bir ykdysady terroristdir diýmek bilen bu terroristler hatda gorkak hereketleriniň bahasyny hem kabul etmäge taýyn däldirler diýip sözlerine goşdy.