Bu gün; Yslam Eýranda Basijiň döredilmeginiň ýyl dönümi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19524-bu_gün_yslam_eýranda_basijiň_döredilmeginiň_ýyl_dönümi
Şu gün (şenbe), 2022-nji ýylyň 26-njy noýabry, Eýran Yslam Respublikasynyň beýik esaslandyryjysy Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA) buýrugy bilen Mustazafan Basijiň döremeginiň ýyl dönümidir.
(last modified 2022-11-26T05:19:11+00:00 )
Nov 26, 2022 10:19 Asia/Ashgabat
  • Bu gün; Yslam Eýranda Basijiň döredilmeginiň ýyl dönümi

Şu gün (şenbe), 2022-nji ýylyň 26-njy noýabry, Eýran Yslam Respublikasynyň beýik esaslandyryjysy Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA) buýrugy bilen Mustazafan Basijiň döremeginiň ýyl dönümidir.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden we Eýranyň bähbitlerinden global ulumsylygyň eli kesilmeginden soň, duşmanlaryň Eýrana garşy dildüwşükleri we pitneleri gün-günden güýçlendi. Şeýle ýagdaýda Ymam Homeýni (RA) 1979-njy ýylyň 26-njy noýabrynda (1358-nji ýylyň 5-nji Azäri) Basij Mustazafan guramasynyň döredilmegi barada karar çykardylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri hem Basiji Eýran halkynyň beýikliginiň we ýurduň täsirli içerki güýjüniň beýany hasaplamak bilen, Basij, ynkylap we Yslam respublikasy ulgamynyň dostlary üçin umyt we ynam çeşmesi we yslam ulgamyny ýigrenýänler we duşmanlar üçin gorky çeşmesidir diýip beýan etdiler.

Häzirki wagtda tutuş Yslam Eýranynda, dürli gatlaklardan bolan dürli Basij batalýonlary Yslam Eýrany ähli taraplaýyn goramaga we Yslam Respublikasynyň ösüş ýoluny dowam etdirmäge we Yslam Rewolýusiýasynyň ideallary bilen ähitlerini täzelemäge taýýardyklaryny ýene bir gezek yglan edýärler.