Raisi Tähranyň Fatahiniň ýörite bölüminiň ýygnagynda: Ähli ugurlarda buýsanç döretdiňiz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19526-raisi_tähranyň_fatahiniň_ýörite_bölüminiň_ýygnagynda_Ähli_ugurlarda_buýsanç_döretdiňiz
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähranyň Fatahiniň ýörite bölüminiň ýygnagynda eden çykyşynda ähli ugurlarda buýsanç döretdiňiz we gozgalaňçylaryň we adamlaryň howpsuzlygyny bozýanlaryň öňünde şöhle saçdyňyz diýdi.
(last modified 2022-11-26T06:20:26+00:00 )
Nov 26, 2022 11:20 Asia/Ashgabat
  • Raisi Tähranyň Fatahiniň ýörite bölüminiň ýygnagynda: Ähli ugurlarda buýsanç döretdiňiz

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähranyň Fatahiniň ýörite bölüminiň ýygnagynda eden çykyşynda ähli ugurlarda buýsanç döretdiňiz we gozgalaňçylaryň we adamlaryň howpsuzlygyny bozýanlaryň öňünde şöhle saçdyňyz diýdi.

Basij hepdesi mynasybetli anna güni Prezident Seýid Ybraýym Raisi Beýik Tähranyň Fatahiniň ýörite bölümine baryp gördi.

Moj habar gullugynyň habaryna görä Prezident Raisi, Fatahiniň basijileri bilen bolan duşuşanda Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň salamyny basijilere ýetirmek bilen çynlakaý wezipäňiz we jogapkärçiligiňiz sebäpli başgalaryň abadançylygyny özüňizden öňe sürýärsiňiz we bu hereket hakykatdanam gymmatly we minnetdarlyga mynasypdyr diýdi.

Prezident Raisi sözüniň dowamynda häzirki wagtda yslam ulgamyny goramak hökmany borçlaryň biridir we yslam ulgamynyň nukdaýnazaryndan köp bereketler we ýagşylyk ýaýrap biler, şol sebäpli bu ugurdaky tagallalar iki esse möhümdir diýip beýan etdi.

Raisi, yslam ulgamynyň agalyk ediş ulgamyna garşy durmak baýdagyny galdyran ýeke-täk ulgamdygyny aýtmak bilen duşmanlar şu wagta çenli rewolýusiýanyň we Basijiniň ruhunyň öňüni almak üçin rewolýusiýa garşy köp dildüwşük guradylar, emma häzirki wagtda Eýran halkynyň tutanýerliligi bilen Yslam rewolýusiýasynyň sargydy we tolkunlary Eýranyň serhedinden geçdi we beýleki ýurtlar, esasanam sebitdäki ýurtlar üçin görelde boldy diýdi.

Raisi şeýle-de Ýemen halkynyň ejir çekmegi we Palestinanyň mazlum halky barada gürrüň berdi.