Kanani Çafi: Eýranyň "Hakykaty tapmak komiteti" bilen hyzmatdaşlygy bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19566-kanani_Çafi_eýranyň_hakykaty_tapmak_komiteti_bilen_hyzmatdaşlygy_bolmaz
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň Eýrana garşy kararyna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň "Hakykaty tapýan komitet" atly syýasy komitet bilen hyzmatdaşlygy bolmaz diýdi.
(last modified 2022-11-28T06:57:47+00:00 )
Nov 28, 2022 11:57 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Eýranyň

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň Eýrana garşy kararyna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň "Hakykaty tapýan komitet" atly syýasy komitet bilen hyzmatdaşlygy bolmaz diýdi.

28-nji noýabr, penşenbe güni Germaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşi, "Eýrandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy" diýilýän mese barada Eýrana garşy karary tassyklady.

Bu rezolýusiýanyň tassyklanmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň soňky bidüzgünçiliklerde "Eýran tarapyndan adam hukuklaryny bozmak" aýyplamalary boýunça "Hakykaty tapýan topar" döretmek barada ylalaşandygyny aňladýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi duşenbe güni içerki we daşary ýurtly žurnalistler bilen hepdelik metbugat ýygnagynda eden çykyşynda adam hukuklary mehanizmleriniň gyssagly ulanylmagy we garaşsyz ýurtlara garşy şeýle mehanizmleriň gural ulanylmagy ret edilýär we ýazgarylýar we adam hukuklarynyň ösmegine goşant goşmaz diýdi.

Bu eýranly diplomat sözüniň dowamynda Günbatar hökümetleriniň, esasanam Amerikan hökümetiniň we oňa goşulan käbir hökümetleriň Eýranyň içindäki bidüzgünçilikleri öjükdirmekde rol oýnandygyna şek ýokdyr diýmek bilen bu barada jikme-jik maglumatlar bar we bu maglumatlar dürli çarçuwada Tähranda ýaşaýan daşary ýurt ilçilerine hödürlendi diýip beýan etdi.

Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary şeýle-de Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen bidüzgünçiliklerde ep-esli daşary ýurt raýatlar tussag edildi we bu bidüzgünçilikleri öjükdirmekdäki rollary barada esasly senetler bardyr diýdi.