Beýik Ýolbaşçy Alsudanynyň duşuşygynda: Yragyň ösüşiniň duşmanlarynyň öňünde duruň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19570-beýik_Ýolbaşçy_alsudanynyň_duşuşygynda_yragyň_ösüşiniň_duşmanlarynyň_öňünde_duruň
Eýran Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Yragyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda bu ýurduň ösüşiniň duşmanlarynyň bardygyny aýdyp DAEŞ-iň uly we heläklendiriji howpuna garşy durmak üçin synagdan geçen hyjuwly ilata ,ýaşlara we güýçlere bil baglap, duşmanyň islegine garşy berk durmalydyr diýdiler.
(last modified 2022-11-30T00:52:32+00:00 )
Nov 30, 2022 05:52 Asia/Ashgabat
  • Beýik Ýolbaşçy Alsudanynyň duşuşygynda: Yragyň ösüşiniň duşmanlarynyň öňünde duruň

Eýran Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Yragyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda bu ýurduň ösüşiniň duşmanlarynyň bardygyny aýdyp DAEŞ-iň uly we heläklendiriji howpuna garşy durmak üçin synagdan geçen hyjuwly ilata ,ýaşlara we güýçlere bil baglap, duşmanyň islegine garşy berk durmalydyr diýdiler.

Ýokary lideriň edarasynyň maglumat merkeziniň habaryna görä, Aýatolla Hameneýi, Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani we oňa hemra delegasiýa bilen bolan duşuşygynda bu ýurdy tebigy çeşmeleri we adam taýdan, şeýle hem medeni, taryhy we siwilizasiýa derejesi babatly sebitdäki iň gowy arap döwleti hasaplap Gynansagam, şeýle geçmişe garamazdan Yrak entek ýokary we hakyky derejesine ýetip bilmedi we Alyhezretiňiziň gatnaşmagynda Yrak ösüşe we hakyky derejä ýeter diýip umyt edilýärin diýip beýan etdiler.

Ynkylabyň ýokary lideri Yragyň ösüşi we ýokary we hakyky mertebesine ýetmek Eýran Yslam respublikasynyň bähbidinedir diýip sözüne goşdylar.

Ol Hezretleri sözüniň dowamyndaYragyň hakyky ýagdaýyna ýetmek üçin esasy zerurlyklaryň birini, Yragyň içindäki toparlaryň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakdir diýmek bilen we bu ösüşiň ýene bir talaby ýaş we höweslendiriji Yrak güýçlerinden iň köp peýdalanylmagydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, Yragyň premýer-ministriniň baş kanyna laýyklykda, haýsydyr bir tarapyň Yragyň topragyny Eýranyň howpsuzlygyny bozmak üçin ulanmagyna ýol bermeýäris diýen sözlerine salgylanyp gynansagam, bu indi Yragyň käbir sebitlerinde bolup geçýär we ýeke-täk çözgüt Yragyň merkezi hökümetiniň bu sebitlere ygtyýarlyklaryny giňeltmegidir diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, "Yragyň howpsuzlygy, Eýranyň howpsuzlygydyr diýmek bilen Yragyň howpsuzlygyna täsir edişi ýaly, Eýranyň howpsuzlygy hem Yraga täsir edýändir " -diýip beýan etdiler.