Galibaf: Eýran-Yrak hyzmatdaşlygy ykdysady ösüşden başga-da sebitleýin howpsuzlygy üpjün edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19576-galibaf_eýran_yrak_hyzmatdaşlygy_ykdysady_ösüşden_başga_da_sebitleýin_howpsuzlygy_üpjün_edýär
Sişenbe güni Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Tähranda Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani we ýoldaş delegasiýasy bilen bolan duşuşygynda Eýrany we Yragy sebitdäki iki sany görnükli we üýtgeşik ýurt hasaplamak bilen Eýran bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşe sebäp bolmakdan başga-da, sebitleýin howpsuzlygy üpjün edýär diýdi.
(last modified 2022-11-30T06:30:17+00:00 )
Nov 30, 2022 11:30 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Eýran-Yrak hyzmatdaşlygy ykdysady ösüşden başga-da sebitleýin howpsuzlygy üpjün edýär

Sişenbe güni Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Tähranda Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani we ýoldaş delegasiýasy bilen bolan duşuşygynda Eýrany we Yragy sebitdäki iki sany görnükli we üýtgeşik ýurt hasaplamak bilen Eýran bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşe sebäp bolmakdan başga-da, sebitleýin howpsuzlygy üpjün edýär diýdi.

Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmek üçin ýokary derejeli delegasiýanyň başynda Tährana geldi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Galibaf bu duşuşykda Eýranyň hökümetiniň, milletiniň we mejlisiniň howpsuz we ösen Yragy goldamak isleýändigini mälim etdi we Eýran bilen Yragyň çuňňur dini, ykdysady we medeni kökleri bolan iki goňşy ýurtdygyny we bu baglanyşyklar Eýranyň we Yragyň halkyny ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy şeýle-de Eýranyň we Yragyň sebitde iki sany görnükli we üýtgeşik ýurtdygyny aýtmak bilen şübhesiz, Eýran bilen Yrak hyzmatdaşlyk üçin arap we yslam ýurtlarynyň arasynda çuňňur we giň gatnaşyk gurup biler, emma Sionist režim bilen ABŞ Eýran bilen Yragyň arasyndaky bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga garşydyrlar diýdi.

Galibaf bu duşuşykda ABŞ-nyň Eýrana garşy birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalaryny hem agzamak bilen häzirki wagtda Amerika ykdysady sanksiýalar bilen Eýrana basyş edýär, ýöne olaryň aýtmaklaryna görä, Eýran bu kynçylyklardan üstünlikli geçendir.

Galibaf çykyşynyň ahyrynda Yrak hökümetine we halkyna ähli işlerde üstünlik arzuw etdi.

Yragyň premýer-ministri hem bu duşuşykda Tährana eden saparynyň iki ýurduň arasyndaky çuňňur gatnaşyklaryň netijesidigini aýdyp, Yrak-Eýran gatnaşyklaryny giňeltmäge çagyrdy.

Yrak hökümetiniň we halkynyň adyndan "Muhammet Şia al-Sudani" 2003-nji ýyldan bäri Yraga beren ähli goldawlary üçin Eýran hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirdi.