Wahidi: Duşmanlar Eýranyň parahatçylygyny bozmaga synanyşýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19578-wahidi_duşmanlar_eýranyň_parahatçylygyny_bozmaga_synanyşýarlar
Eýranyň içeri işler ministri ýurduň günbatar şäherlerindäki howpsuzlyk ýagdaýyny asuda diýip häsiýetlendirmek bilen serhetleriň daşyndaky duşmanlaryň, terroristleriň we separatistleriň akymynyň bu şäherleriň asudalygyny bozmak isleýändigini aýtdy.
(last modified 2022-11-30T06:58:11+00:00 )
Nov 30, 2022 11:58 Asia/Ashgabat
  • Wahidi: Duşmanlar Eýranyň parahatçylygyny bozmaga synanyşýarlar

Eýranyň içeri işler ministri ýurduň günbatar şäherlerindäki howpsuzlyk ýagdaýyny asuda diýip häsiýetlendirmek bilen serhetleriň daşyndaky duşmanlaryň, terroristleriň we separatistleriň akymynyň bu şäherleriň asudalygyny bozmak isleýändigini aýtdy.

Soňky günlerde gozgalaňçylar Eýranyň käbir günbatar şäherlerinde tolgunyşyk we howpsyzlyk döretmäge synanyşdylar, emma bu şäherleriň ilatynyň hüşgärligi bilen olaryň dildüwşigi puja çykdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi çarşenbe güni hökümet wekiliýetiniň ýygnagynyň çäginde žurnalistlere bu ministrlikde döredilen derňew komitetiniň jikme-jiklikleri barada açyklama berip bu komissiýa "bu döwürde zeper ýeten adamlara we bigünä ölen adamlara" we ýitgileriniň öwezini dolmak ýaly meseleleri yzarlaýar diýdi.

Eýranyň Içeri işler ministri soňky bidüzgünçiliklerde halka ýetirilen zyýanyň köpüsiniň bidüzgünçilikde gozgalaňçylar tarapyndan bolandygyny we kimdir birine zeper ýeten bolsa, habar bermelidigini aýtdy.

Wahidi şeýle-de bidüzgünçiliklerde tussag edilen adamlaryň haýsy ýurtlardan bolandygyny barada gürrüň gozgap bu adamlar dürli ýurtlardan bolupdylar, ýöne häzir atlaryny aýtmazlyk has gowudyr diýdi.

Eýranyň Içeri işler ministri, şeýle hem, Eýranyň konstitusiýasynyň 27-nji maddasynyň ýerine ýetirilmegi we kanuny ýygnaklaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada şeýle aýtdy: Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriş geçirmekde hiç hili kynçylygy ýok, ýöne ýörişi kimiň geçirmek isleýändigi möhümdir, haýsy döwürde we meýilnama näme? we beýannamanyň çäginde saklanmak üçin zerur kepilligiň bolmagy gerekdir diýdi.