Raisi: Duşman halkyň ýüreginde ýeriniň ýokdugyny bilsin
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikalylar halkyň ýüreginde ýeriniň ýokdugyny bilmeli we janaýamazlyk we çydamlylyk medeniýeti eýranlylaryň arasynda ornaşdyr diýip nygtady.
Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni Sanandaj azatlyk zalynda Kürdüstan welaýatynyň ilatynyň ýygnagynda Kürdüstanda, halkyň garşylygyna we göreşine şaýat bolýarys, rewolýusiýa garşy toparlaryň we garşydaşlarynyň öňünde bu welaýatyň halky göreldeli garşylyk görkezdi, sebäbi rewolýusiýa başlaly bäri rewolýusiýa garşy toparlary lapykeç etdiler diýdi.
Eýran Respublikasynyň Prezidenti şeýle diýdi: Sünnüler we şaýylar Kürdüstanda köp ýyl bile ýaşap gelýärler we duşmanlaryň duzagyna girmegine ýol bermezler.