Kanani Çafi: Sionist režim we onuň tarapdarlary üçin duýduryş jaňlary ýaňlandy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19618-kanani_Çafi_sionist_režim_we_onuň_tarapdarlary_üçin_duýduryş_jaňlary_ýaňlandy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist regim we onuň tarapdarlary üçin duýduryş jaňlary ýaňlandy diýdi.
(last modified 2022-12-02T08:02:18+00:00 )
Dec 02, 2022 13:02 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Sionist režim we onuň tarapdarlary üçin duýduryş jaňlary ýaňlandy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist regim we onuň tarapdarlary üçin duýduryş jaňlary ýaňlandy diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" anna güni twitde şeýle ýazdy: Sionist režim we onuň tarapdarlary üçin duýduryş jaňlary ýaňlandy; Ysraýylda içerki syýasy we howpsuzlyk krizisi we dartgynlyk, Gazadan Iordan derýasynyň günbatar kenaryna we 1948-nji ýylda basyp alnan ýerlere basybalyjylyga garşy garşylygyň ýaýramagy, Ysraýyl regimine bolan ýigrenjiň globallaşmagyny Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäginde görmek bolýar, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň "Ysraýylyň" döredilen gününi "Betbagtçylyk we #Nakbat" gününe girizmek baradaky kararyny tassyklamak we ...

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Sionist aparteid režiminiň we onuň tarapdarlarynyň ünsi Eýranfobiýa gönükdirmek, ünsi Palestina meselesinden sowmak we ölüp barýan Ysraýyla emeli dem bermek baradaky umytsyz we şowsuz synanyşykdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat diplomatiýa merkeziniň başlygy sözüniň dowamynda Ysraýyl režiminiň köp sanly hökümet bilen ylalaşmak üçin Amerikan režiminiň goldawy bilen alyp barýan tagallasy, dünýä halklarynyň bu režime we bikanun tebigatyna bolan ýigrenjini azaltmaga täsir etmez; Dünýä çempionatynyň hakyky ýeňijisi Palestina halky, ýeňilen bolsa sionist regimdir diýdi.