Galibaf: Duşman Eýran halkynyň başkanundaky ynançlaryny nyşana alandyr
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, başkanunyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik baradaky milli konferensiýada duşmanyň Eýran halkynyň başkanundaky esasy ynançlaryny nyşana alandygyny aýtdy.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bagher Galibaf, her kimiň ugruna, salykatyna, dinine we etnik degişliligine garamazdan başkanuna hormat goýmalydygyny we eýranlylaryň başkanuny milli äht hasaplaýandyklaryny aýtdy.
Galibaf, hökümet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we Eýranyň bitewiligini saklamak üçin başkanundan has ygtybarly we elýeterli resminamanyň ýokdugyny aýtdy.
Eýran Yslam Geňeşiniň başlygy ýurtda bolup geçen soňky wakalara hem ünsi çekdi we häzirki duşmanyň Eýranyň agzybirligini we milli territorial bitewiligini nyşana alandygyny aýtdy.