Amir Abdollahian bilen Serbiýanyň premýer-ministriniň arasyndaky duşuşygyň esasy maksady hyzmatdaşlygy giňeltmek
Dec 05, 2022 11:15 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministri we Serbiýanyň premýer-ministri Belgradda duşuşyp maslahatlaşdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Belgrada saparynyň ikinji gününde Serbiýanyň premýer-ministri Ana Brnabiç bilen duşuşdy we iki tarap hem hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Eýranyň daşary işler ministri ýekşenbe güni Serbiýa gitdi we ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.