Amir Abdollahian: Eýran Balkan sebitine goldaw bermegini dowam etdirýär
Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran Yslam Respublikasy Balkan sebitine we Musulman Bosniýa we Gersegowina ýurdyna goldaw bermegini dowam etdirýär diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Bosniýa we Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisra Türkowiç bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Bosniýada umumy saýlawlaryň geçirilmegini gutlamak bilen Eýran Yslam Respublikasy, Balkan sebitiniň ýurtlaryny öz dostlary hasaplaýar we öňküler ýaly bu sebite, esasanam Musulman Bosniýa we Gersegowina goldaw bermegini dowam etdirer diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Bosniýa we Gersegowinanyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň bilelikdäki ykdysady komissiýasyny işjeňleşdirmek we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyga gelinendigini aýtdy.
Amir Abdollahian şeýle-de, Eýran bilen Bosniýa we Gersegowinanyň hemişe gowy gatnaşykda bolandygyny we ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliginiň bardygyny aýtmak bilen koronadan soňky döwürde we soňky 9 aýda iki ýurduň arasyndaky söwda 53% ýokarlandy diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Ukrainadaky söweşiň dowam etmeginden alada galýandygyny aýdyp Tähran Ukrainadaky söweşiň dowam etmegine alada bildirýändigini we urşuň Ukrainada we dünýäniň beýleki ýerlerinde dowam etmegine garşydygyny aýtdy.
Amir Abdollahian, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we birnäçe Günbatar ýurtlarynyň Eýrana adam hukuklary babatynda edýän esassyz aýyplamalary barada hem şeýle diýdi: Eýranda bidüzgünçilikleriň ýüze çykmagy Eýran halkyna garşy terrorçylyk we meýilnamady.
Eýranyň Daşary işler ministri, Balkan ýurtlaryna saparynyň ikinji tapgyrynda sişenbe güni Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo bardy we Bosniýa we Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisra Türkowiç bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.