Galibaf: 16-njy Azar, Amerikanyň agdarlyşyk meýilleşdirijilerine garşy garaşsyzlyk we erkinlik simwolydyr
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy 16-njy Azary garaşsyzlyk gözlemegiň we kolonial dolandyryşa garşy göreşiň nyşany diýip atlandyrdy.
Şu gün (çarşenbe), 16-njy Azar (7-nji dekabr) Eýran Yslam Respublikasynyň senenamasynda Talyplar güni diýlip atlandyryldy.
1332-nji ýylyň 16-njy Azar güni(miladydan 1953-nji ýylyň 7-nji dekabry) eýranly talyplar Waşingtonyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyna nägilelik bildirip, ABŞ-nyň wise-prezidenti "Riçard Nikson-iň" Tährana sapary bilen bir wagtda, Tähran uniwersitetiniň öňünde demonstrasiýa geçirdiler.
Bu demonstrasiýa garaşly we dikme Pahlawi režimiň goşunynyň hüjümi bilen ýok edildi. Pahlawi režimi eden hüjüminde üç sany Eýranly talyp şehit boldy we ýüzlerçe adam ýaralandy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf çarşenbe güni geçirilen köpçülikleýin ýygnagynda 16 Azar garaşsyzlyk gözlemegiň, kolonial dolandyryşa we daşary ýurtlaryň gatyşmagyna garşy göreşiň nyşanydygyny aýtdy.