Eýranyň Haş şäherindäki Ymam Huseýn (AS) metjidiniň sünni ymamy şehit edildi
Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň Baş prokurory, Haş şäherindäki Ymam Huseýin metjidiniň (AS) ymam Jumasynyň şehit bolmagynyň jikme-jikliklerini düşündirdi.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň prokurory Mehdi Şamsabadi penşenbe güni Haş şäherindäki Ymam Hüseýin (AS) metjidiniň juma ymamy Maulwi Abdulwahid Riginiň metjide bardygyny, näbelli adamlar ony yzky gapydan çagyrandygyny we belgisi ýok awtoulagda alyp gidendiklerini avýtdy.
ol şeýle-de Gynansagam, Maulvi Abdulwahidiň jesedi juma güni Haş şäheriniň gyradaky ýollarynyň birinde, kellesine 3 ok urlup öldürilen ýagdaýynda tapyldy diýip habar berdi.
Polisiýa bu wakanyň günäkärlerini anyklamak üçin bu meseläni derňeýär diýip Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň prokurory Mehdi Şamsabadi yglan etdi.
Haş şäherindäki Ymam Hüseýin (AS) metjidiniň sünni ymamy Maulvi Abdulwahid Rigi, Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynda agzybirligiň nyşanlaryndan biri hökmünde tanalýardy.