Hytaýň Eýranyň üçlik adalary baradaky talaplary; Eýrana garşy nädogry aýyplaw
(last modified Tue, 13 Dec 2022 13:31:57 GMT )
Dec 13, 2022 18:31 Asia/Ashgabat
  • Hytaýň Eýranyň üçlik adalary baradaky talaplary; Eýrana garşy nädogry aýyplaw

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, Eýranyň territorial bitewiligine hormat goýmak zerurlygyny nygtap,bu hakda Eýranyň çynlykaýdygyny beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan, Hytaý bilen Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň Eýranyň Bumusa, Kiçi Tunb we Uly Tunb adalary baradaky bilelikdäki  beýanyna jogap hökmünde şenbe güni agşam twit ýazdy. Huseýin Amirabdollahiýan üçlik adalary, Eýranyň arassa topragynyň aýrylmaz bölekleri bolup, olar bu watana baky degişlidir diýdi.

Hytaý bilen Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň bilelikdäki beýanynda Eýran bilen baglanyşykly meseleler dört abzasda agzalýar, şu abzaslaryň birinde (12-nji paragraf): : Ýolbaşçylar, halkara kanunlaryna esaslanýan ikitaraplaýyn gepleşikler arkaly Uly Tunb, Kiçi Tunb we Abu Musa atly üç adalar meselesini çözmek üçin parahatçylykly çözgüt tapmak hakda BAE-nyň başlangyçlaryny, tekliplerini goldaýarlar diýlip ýazylandyr.

Hytaýyň prezidenti "Şi Szinpiniň" bu hereketine, bu ýurduň Pars aýlag sebtinde görlüp-eşidilmedik pozisiýasynyň we syýasatynyň görkezijisi hökmünde baha berilip bilner, sebäbi Pekin şu wagta çenli beýlekileriň arasynda jedelli meselelere girmekden saklanýardy. yglan edilen syýasatlarynda, şol sanda Günbatar Aziýada-da ýurtlar; Şol sebäpli Pars aýlagynyň günorta serhedindäki ýurtlaryň Eýrana garşy pozisiýalaryna aç-açan ýoldaşlyk etmek adaty bir ýagdaý däl we elbetde Eýran-fobiýa syýasatynyň gaýtalanmagydyr.Şeýle ýygnaklarda arap reimesimleri köplenç BAE-de bu adalara eýeçilik edýändigi baradaky meseläni gozgaýarlar we Eýran Yslam Respublikasyna garşy aýyplamalary gaýtalaýarlar.  Hytaý we Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň agzalary bu beýannama gol çekdiler,ýöne Eýran Yslam Respublikasyny elmydama bu üç adany Eýranyň territoriýasy bilen aýrylmaz hasaplap, Birleşen Arap Emirlikleriniň bu üç adalary baradaky talaplaryny ret edendir.

Şol bir wagtyň özünde, resminamalar ýokarda ady agzalan üç adanyň Eýrana degişlidigini hem subut edýär; Mysal üçin, 1881-nji ýylda Iňlis deňiz flotunyň kartasynda, 1863-nji ýylda Iňlis deňiz ministrliginiň kartasynda we 1886-njy ýylda Iňlis söweş bölümi tarapyndan taýýarlanan Eýranyň kartasynda bu adalar Eýran topragynyň reňkinde bolýar.Bu halkara resminamalar Eýranyň bu adalara özygtyýarlylygyny görkezýär.

 

Tags