Kamalwandi:ýadro ylalaşygy barada Ýewropa Amerika basyş bermelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1975-kamalwandi_ýadro_ylalaşygy_barada_Ýewropa_amerika_basyş_bermelidir
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Amerikany ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etdirmek üçin Ýewropa bu ýurda basyş bermelidir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 24, 2018 15:59 Asia/Ashgabat
  • Kamalwandi:ýadro ylalaşygy barada Ýewropa Amerika basyş bermelidir

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Amerikany ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etdirmek üçin Ýewropa bu ýurda basyş bermelidir diýdi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Eýranyň tele-radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde halkara atom energiýasy agentliginiň çykaran hasabatlaryna we ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň amal edýänligini ykrar edenligine yşarat edip ýadro ylalaşygyna garşy Amerikanyň hereketleriniň öňüne geçmek üçin Ýewropa Waşingtona basyş bermelidirler diýip nygtady.

halkara atom energiýasy agentligi geçen penşenbe güni neşir eden hasabatynda 10-nji gezek üçin ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň kämil amal edýänligini yglan etdi.

Eýran bilen 5+1 ýurtlary arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygy 2016-nji ýylyň Ýanwarynda ýerine ýetirilip başlanan bolsada emma Amerikanyň prezidenti Donuld Tramp ýadro ylalaşygy güýçden düşürmegiň yzyndadyr ýöne dünýä ýurtlary Amerikanyň döwlet baştutanynyň bu işine garşydyrlar.