Günbataryň Eýrandaky bidüzgünçiliklere goşa we gapma-garşy hereketleri
(last modified Wed, 14 Dec 2022 15:54:36 GMT )
Dec 14, 2022 20:54 Asia/Ashgabat
  • Günbataryň Eýrandaky bidüzgünçiliklere goşa we gapma-garşy hereketleri

Soňky iki ýarym aýyň dowamynda we Eýrandaky bidüzgünçiliklerden soň Günbatar ýurtlary bu bidüzgünçilikleri düýbünden gapma-garşylykly goldady we gozgalaňçylaryň hereketlerini parahatçylykly ýygnaklar diýip atlandyrdy.

Eýran Kazyýetiň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary we Eýran Yslam Respublikasynyň adam hukuklary baradaky ştabynyň sekretary Kazem Garibabadi günbatarlylaryň bu goşa we gapma-garşylykly çemeleşmesini tankytlady we “Özlerini Eýranda kynçylyk döredýänleriň we gozgalaňçylaryň tarapdary hasaplaýan ýurtlar , hut özleri mümkin boldugyça iň aýylganç ýagdaýda, parahatçylykly mitiňleri we protest çäreleri kanun we iş ýüzünde yzygiderli bozýarlar diýip sözlerine goşdy. Soňky onýyllyklaryň tejribesi Günbatar ýurtlarynyň adam hukuklary meselesini öz ülňüleri bilen girizmäge we olary öz syýasy maksatlary üçin ulanmaga synanyşýandygyny aýdyň görkezýär; Bu ýurtlaryň içinde hemde beýleki ýurtlarda-da adam hukuklary babatynda gara ýazgylary bardyr ýöne, Amerika, Italiýa, Angliýa, Kanada, Fransiýa we Germaniýa ýaly günbatar ýurtlarynyň köpüsi soňky aýlarda  parahatçylykly demonstrasiýalara şaýat boldular. emma bu ýurtlardaky protestçiler polisiýa güýçleriniň iň agyr hüjümlerine duçar boldular. Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu ýurduň polisiýa we kazyýet ulgamy tarapyndan garaýagyzlara garşy gönükdirilen kemsitmeleriň dowam etmegi we halkyň nägileligini basyp ýatyrmak adam hukuklarynyň, esasanam azlyklaryň we halklaryň hukuklarynyň bozulmagyny görkezýär  polisiýanyň wagşyçylygna gözegçilik etmek boýunça hökümete degişli bolmadyk toparyň hasabatynda ABŞ-nyň polisiýa işgärleriniň 2022-nji ýylyň başyndan bäri 722-den gowrak adami öldürendiklerini we ýylyň ahyryna çenli ýene-de 442 adamyň polisiýa tarapyndan öldüriljekdigi çaklanylýar.

Polisiýa tarapyndan öldürilen her üç adamdan diňe biriniň zorlukly jenaýat sebäpli bolandygyna we üçden iki böleginiň zorluksyz jenaýatdygyna garamazdan,Ýewropa Geňeşiniň Adam hukuklary boýunça komissary Doniýa Miýatowiçiň soňky hasabaty  Iňlis hökümetiniň adam hukuklary kategoriýasyna bolan "duşmançylykly garaýşynyň" bu ýurduň halkynyň hukuklaryny gowşadandygyny görkezýär.  

 

Tags