Eslami: Eýranyň urany baýlaşdyrmak kuwwaty iki esse ýokary boldy
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Muhammet Eslami ýurduň mejlisi tarapyndan Strategiki hereket kanunynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurduň urany baýlaşdyryş kuwwatynyň bu pudagyň tutuş taryhyndan iki esse ýokary derejä ýetendigini aýtdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Şura mejlisiniň strategiki fraksiýasynyň agzalary Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, bilermenleri we müdirleri bilen birlikde bir samite gatnaşdylar.
Bu samitde Eýranyňýadro senagatynyň üstünlikleri, ýadro gepleşikleri we mejlisiň tarapyndan tassyklanan strategiki hereketler baradaky kanunynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri barlandy.
Atom energiýasy guramasynyň başlygy we prezidentiň orunbasary Muhammet Eslami bu ýygnakda eden çykyşynda strategiki hereket kanuny ýadro pudagyny ösdürmek üçin gowy kanun bolup, gowy durmuşa geçirildi diýdi.
Şeýle hem Eslami, ýadro energiýasynyň we atom energiýadan öndürilýän elektrikiň ýurt üçin köp tygşytly bolandygyny aýtmak bilen tebigy ýangyçlaryň we täzelenip bolmaýan ýangyçyň sarp edilişini azaltmakda we daşky gurşaw meselelerini çözmekde täsirli bolandygyny beýan etdi.