Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Amerikan hökümetiniň syýasatlaryny tankytlady
(last modified Tue, 20 Dec 2022 05:31:52 GMT )
Dec 20, 2022 10:31 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Amerikan hökümetiniň syýasatlaryny tankytlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birtaraplaýyn syýasatlaryny tankytlap, Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili: "Basyş, gorkuzmak we gapma-garşylyk çözgüt däl we hiç ýere alyp barmaz" -diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, duşenbe güni Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji rezolýusiýanyň we ýadro şertnamasy-nyň ýerine ýetirilişi baradaky döwürleýin we yzygiderli ýygnagynda Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" ýadro şertnamasy diňe häzirki ýagdaýynyň esasy köklerine, ýagny ABŞ-nyň 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda şertnamadan çykarylmagy bilen dikeldilip bilner diýdi.

Tags