Eýranyň we Lýuksemburgyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Eýranyň we Lýuksemburgyň daşary işler ministrleri iki ýurdy gyzyklandyrýan iň möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.
ٍEýranyň Daşary işler ministrliginiň Baş maglumat we metbugat sekretarynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian penşenbe güni Lýuksemburgyň Daşary işler ministri Žan Asselborn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we iki tarapyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde bolan duşuşygy we söhbetdeşligi ýada salmak bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Lýuksemburg bilen hyzmatdaşlygyň ösmegine hiç hili çäklendirme girizmändigini aýtdy.
Lýuksemburgyň Daşary işler ministri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekip, iki ýurda gyzyklanma bildirýän meseleler we ösüşler barada öz pikirini aýtdy.