Wahidi: Diktatorlygyň iň erbet görnüşi, soňky tolgunyşyklarda Eýranda emele geldi
Eýranyň içeri işler ministri, diktatorlygyň iň erbet görnüşiniň Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen soňky bidüzgünçiliklerde rewolýusiýa garşylar arkaly görkezilendigini aýtdy.
Eýranpress habar gullugynyň habaryna görä Eýranyň içeri işler ministri "Ahmed Wahidi" sözüniň dowamynda soňky bidüzgünçiliklerde terrorçylyk toparlary, separatist toparlar we dini ynanç hökmünde dolandyrylýan toparlar adamlaryň aňyna şeýle bir gözegçilik edendirler welin, hatda olaryň pikir azatlygyny ellerinden alandyrlar, şondan gelende erkinligiň we adam hukuklarynyň tarapdarydygyny toslandyrlar diýdi.
Eýranyň Içeri işler ministri diktatorlygyň esasy ýüze çykmalarynyň biri, bidüzgünçiliklerde rol oýnan terrorçylyk toparlarydygyny aýtmak bilen telekeçiniň dükanyny açmak isleýändigini, emma terrorçylyk toparyň dükany ýapmasa, işini ýok etjekdigini aýdýp howp atmagydygyny nygtady.
Wahidi şeýle-de, elbetde, söwdagärler, marketologlar we ýük awtoulag sürüjileri rewolýusiýa garşy howplara üns bermeýärler we olaryň oklary daşa degendir, ýöne bu zor ulanmak we diktatorlyk hereketleri iň erbet görnüşde rewolýusiýa garşy tarapyndan amala aşyrylýar diýdi.
"Mehsa Aminiň" ölmegi, rewolýusiýa garşy habar beriş serişdeleriniň Eýrandaky maksatlaryny durmuşa geçirmegi üçin bahana boldy, olaryň hereketlerinden we söweşlerinden biri, eýranly ýaşlary Eýranda däp-dessurlara we kanunlara garşy hereket etmäge itergi bermekdi.