Sardar Salami: Duşmany köşeşdireris we ýeňeris
(last modified Mon, 09 Jan 2023 08:46:44 GMT )
Jan 09, 2023 13:46 Asia/Ashgabat
  • Sardar Salami: Duşmany köşeşdireris we ýeňeris

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyň baş serkerdesi Sardar Huseýin Salami duşman asuda däl we Eýrana garşy hereketleri dowam edýär, ýöne duşmany köşeşdireris we ýeňeris diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasy Goragçylary Korpusynyň baş serkerdesi Sardar Huseýin Salami general-maýorlar Ahmad Kazemi we Ali Şuştriniň şehit bolmagynyň ýyl dönümini hatyralama dabarasynda eden çykyşynda, duşmanlar Eýrany yzagalak ýurda öwürmek isleýärler diýdi.

Sardar Salami sözüniň dowamynda şu gün, duşmanyň söweş otaglaryna ýüz tutsaňyz, duşmanyň pikir otagynda hökman Eýranyň meýilnamasy bar we olar Eýrany ýeňmegi meýilleşdirýärler diýip açyklap aýtdy.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyň baş serkerdesi sebitde soňky ýyllarda bolup geçen wakalara yşarat edip soňky ýyllarda bolup geçen soňky wakalaryň aýnasyna seretsek we Siriýa we Yraga seretsek, şonda duşmanlaryň musulmanlaryň ýurdunda yslam ymmatyna edenlerini göreris diýdi.

duşmanyň sowgaty garyplyk, ýesirlik, görgülik we betbagytçylykdyr diýip Sardar Huseýin Salami aýtdy.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyň baş serkerdesi şeýle-de sözüniň ahyrynda duşmanlar bu güýçli ulgamy döwüp bilerler öýdüpdiler, ýöne bu hyýalyň belentliginde şowsuzlyga uçradylar diýdi.