Raisi: Duşman ähli dildüwşük bilen Eýrana garşy söweşi başa barmady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, duşmanlaryň Eýranyň halkyna garşy dildüwşükleri we bilelikdäki söweşi ähli pitnelere garamazdan, Eýranyň baş ýokary bolandygyny we duşmanyň şowsuzlyga uçrandygyny aýtdy.
"Mehsa Aminiň" ölümi bahanasy bilen Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen bidüzgünçilikler, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary ýurtly duşmanlarynyň muny Eýranyň içerki işlerine goşulmak we has köp bidüzgünçiliklere sebäp bolmak üçin ulanmagyna sebäp boldy.
Ýöne şol bir wagtyň özünde, millionlarça eýranly ýurduň köçelerinde we meýdançalarynda düzgüni we ýurdy goldamak üçin peýda boldy we bulam-bujarlyga berk garşy çykdy.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä; Býudjet kanunyny hödürlemek üçin çarşenbe güni Yslam Şura Mejlisinde huzurly bolan Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, duşmanyň psihologiki we metbugat söweşi, syýasy, komissiýalary we ýygnaklary mobilizlemek ugrundaky Eýran Yslam respublikasyna garşy ähli pitneleri bilen we ykdysady söweşi bilende, häzirki wagtda Eýranyň beýik halky baş ýokarydyr diýdi.
Raisi şeýle-de, Eýranyň duşmanynyň bu gezek hem Eýran halkyna garşy dildüwşükde bolşy ýaly mashara bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýurduň 1402-nji býudjet kanunynyň aýratynlyklaryny we esasy syýasatlaryny wekillere düşündirenden soň, hökümet kanunyny kanuny taýdan resmi taýdan almak üçin Yslam Şura Mejlisiniň Başlygyna tabşyrdy.
Ýurduň 1402-nji býudjet kanuny, Eýranyň 13-nji hökümetiniň ikinji býudjetidir, Ykdysadyýet we maliýe ministri Seýid Ahsan Handoziniň pikiriçe, bu býudjet inflýasiýa garşy we önümçiligi goldaýan çemeleşme bilen ýazyldy.